Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi tarapyndan Milli bahar baýramy mynasybetli «Nowruz — parahatçylygyň we dost-doganlygyň baýramy» atly dabaraly maslahat geçirildi. Çärä welaýatymyzyň bilim we medeniýet işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda Halkara Nowruz baýramynyň many-mazmuny, onuň türki halklaryň durmuşyndaky orny we ýurdumyzda giňden bellenilişi barada çykyşlar diňlenildi.
Çäräniň dowamynda wagtlaýyn baýramçylyk sergisi guralyp, oňa gatnaşyjylar muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Sergide milli mirasymyzy şöhlelendirýän amaly-haşam eserler, Halkara Nowruz baýramy bilen baglanyşykly gymmatlyklar hem-de «Bereketli türkmen saçagy» atly eserde görkezilen milli tagamlar ýerleşdirildi. Şeýle-de suratkeşleriň bahar paslynyň gözelliklerini beýan edýän işleri sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Lebapda açylan täze sergi Halkara Nowruz gününe bagyşlandy
19
Mar

