YKDYSADYÝET

Lebapda 8 aýda 3,8 milliondan gowrak ýolagçy gatnadyldy

Şu ýylyň ilkinji sekiz aýynda «Lebapawtoulaglary» önümçilik birleşigi tarapyndan
ýolagçylaryň gatnadylyşynda 4 göterimden gowrak ösüş gazanyldy.
Geçen ýylyň degişli döwründe bu önümçilik birleşigine degişli ýolagçy ulaglary bilen ýolagçylaryň 3 million 691 müňden gowragy gatnadylan bolsa, şu ýyl gatnadylan ýolagçylaryň sany 3 million 841 müňden hem geçdi. Şeýlelikde, sekiz aýda 4,1 göterimlik ösüş gazanyldy.
Häzirki wagtda bu önümçilik birleşiginiň garamagynda döwrebap awtobuslaryň we
taksi ulaglarynyň hereket edýändigini ýatladýarys.