Şanly ýylyň geçen döwründe welaýatynyň senagat kärhanalary boýunça sementiň 743,6 müň tonnasy öndürildi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäki bilen deňeşdirilende, ep-esli köpdür. Bu ösüş depgini ýylyň ahyryna çenli sebitde öndüriljek ýokary hilli sementiň 1 million tonnadan hem geçjekdigini görkezýär.
Ýeri gelende aýtsak, welaýatda ýyllyk kuwwaty 2 million tonna bolan sement zawody işleýär. Köýtendag etrabynda ýerleşýän bu zawodyň ikinji tapgyrynyň binalar toplumy geçen ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp, ulanylmaga berildi.
Lebapda 750 müň tonna golaý sement öndürildi
01
Aug

