YKDYSADYÝET

Lebapda 50 müň gektar gowaçada otag-ýekelew işleri tamamlandy

Lebap welaýatynyň oba hojalykçylary şu ýyl 130 müň gektar ýerde gowaça ekip, ondan bol pagta hasylyny almaklygy meýilleşdirýärler. Häzirki wagtda welaýatyň ekin meýdanlarynda hatarara bejergi, otag we ýekelemek, gowaçalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri sazlaşykly dowam etdirilýär. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” internet neşirinde habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, welaýat boýunça her günde 5 müň gektar töweregi ýerde otag-ýekelew işleri geçirilýär. Häzirki döwre çenli bu möhüm çäräniň geçirilen meýdanynyň 50 müň gektardan aşmagy pagtaçy-kärendeçileriň tutanýerli zähmetiniň netijesidir.