LUKMANÇYLYKYKDYSADYÝET

Lebapda 5 hassahana, 6 saglyk öýi gurlar

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, Lebap welaýatynda bäş sany iri hassahanany, birnäçe saglyk öýleridir merkezlerini gurmak meýilleşdirilýär.
Häzir welaýatda iri saglyk merkezleriniň — hassahanalaryň 28-si hereket edýär. Milli maksatnama laýyklykda, 2025-nji ýyla çenli olaryň sanyny 33-e çykarmak meýilleşdirilýär. Lebap welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň maglumatlaryna görä, ýakyn ýyllarda Türkmenabat şäherinde 100 orunlyk welaýat Onkologiýa hassahanasynyň, 300 orunlyk Inçekesel hassahanasynyň düýbi tutular. Şeýle hem ýakyn ýyllarda 106 orunlyk Darganata, 493 orunlyk Kerki etrap we 140 orunlyk Magdanly şäher hassahanalary gurlar.
Şol sanda welaýat Bejeriş-sagaldyş, Iç keseller we Narkologiýa hassahanalarynyň durky täzlener. Durkuny täzelemek hem-de düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek göz öňünde tutulýan hassahanalaryň arasynda Farap we Hojambaz etrap, Garabekewül şäher hassahanalary bar.
Umuman, ýurdumyzda 2025-nji ýyla çenli amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän özgertmelerdir düýpli gurluşyklaryň hatarynda diňe Lebap welaýatynda iri hassahanalaryň 11-sinde işler geçiriler. Ýokarda-da ýazyşymyz ýaly, olaryň 5-si täze gurlar, galan 6-synyň durky täzeleniler.
Ýokarda ady agzalan Milli maksatnama laýyklykda, oba saglyk öýlerinde we merkezlerinde hem toplumlaýyn işler alnyp barlar. Resmi maglumatlara görä, öňümizdäki bäş ýylyň dowamynda dürli obalardaky saglyk öýleridir merkezleriniň jemi 13-sinde iş alnyp barlar. Olaryň 6-sy täze gurlar, 7-siniň bolsa durky täzelener.
Has takyk maglumatlara ýüzlensek, Dänew etrabynyň Seýdi şäherinde, Baragyz geňeşliginde, Saýat we Halaç etraplarynyň çäginde gurulýan döwrebap şäherçelerde, Kerki şäherinde we Döwletli etrabynyň Dostluk şäherinde ýakyn ýyllarda täze saglyk öýleridir merkezleri peýda bolar. Türkmenabat şäherindäki 3-nji saglyk öýi bilen birlikde Dänew etrabynyň Ödeý, Farap etrabynyň Hojakenepsi, Çärjew etrabynyň B.Myradow adyndaky, Saýat etrabynyň Merýe geňeşliklerindäki, Halaç etrabynyň Yslam şäherçesindäki, Köýtendag etrabynyň Magdanly şäheriniň Gurşun-Magdanly saglyk öýleriniň bolsa durky täzelener.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply