«Lebapgazüpjünçilik» müdirligi tarapyndan 2026-njy ýylda welaýat boýunça 44 kilometrden gowrak täze gaz geçirijilerini çekmek meýilleşdirilýär. Ýylyň ilkinji iki aýynda onuň 10,5 kilometre golaýy ýerine ýetirilip, birnäçe ilatly ýerler tebigy gaz bilen üpjün edildi. Şol döwürde Dänew etrabynyň Dänew, Saýat etrabynyň Sakar şäherlerinde, Hojambaz etrabynyň Beşir şäherçesinde, şeýle hem Dänew etrabynyň Göýnük, Çärjew etrabynyň Hojaili, Farap etrabynyň Hojakenepsi, Bitik, Jendi, Halaç etrabynyň Pelwert, Esenmeňli, Altyn asyr we Köýtendag etrabynyň Akgumolam geňeşliklerinde täze gaz geçirijileriniň uzynlygy 9 kilometre golaý boldy.
Türkmenabat şäherinde täze ýaşaýyş toplumlaryny gazlaşdyrmak boýunça hem işler alnyp barylýar. Şu ýyl şäherde 5 kilometre golaý gaz geçirijilerini çekmek meýilleşdirilip, onuň 1,5 kilometre golaýy eýýäm tamamlandy. Bu geçirijiler Azatlyk şäherçesinde gurlup, ýaşaýyş jaýlaryny tebigy gaz bilen üpjün etdi.
Lebapda 44 kilometrlik täze gaz geçiriler çekiler
20
Mar

