Lebap welaýatynda ýetişdirilen hasyly kabul etmek üçin ähli zerur çäreler görülýär. Şu ýyl harmanhanalaryň 44-si taýýarlanyp, olardaky ölçeýji enjamlaryň doly abatlanylmagy üpjün edildi. Ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen ýörite okuwlar geçirilip, degişli serişdeler bilen üpjünçilik üpjün edildi.
Pagtaçy daýhanlaryň zähmetiniň netijeleri bökdençsiz we tertipli ýagdaýda hasaba alynmagy üçin döredilen şertler, welaýatda baý hasyl kampaniýasyny üstünlikli geçirmäge hyzmat eder. Şeýle taýýarlyklar oba hojalygynda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli dowam etdirilýändigini görkezýär.
Lebapda 44 harmanhana pagta kabul eder
05
Sep
