Häzirki wagtda Lebap welaýatynda bankomatlaryň 432-si hereket edýär. Bu
barada Türkmenistanyň Merkezi bankynyň resmi saýty habar berýär.
Çeşmedäki maglumatlar ýurtda iň köp bankomatyň Aşgabat şäherinde
ýerleşýändigini görkezýär. Paýtagtdaky işjeň bankomatlaryň sany 449-a ýetdi.
Ikinji orunda Mary welaýaty bar. Goňşy welaýatdaky bankomatlaryň sany 442.
Çeşmäniň görkezişi ýaly, häzirki wagtda türkmenistanlylar ýurt boýunça
bankomatlaryň 2 müň 132-sinden peýdalanýarlar.
Lebapda 430-dan gowrak bankomat hereket edýär

24
Dec