YKDYSADYÝET

Lebapda 40 müňden gowrak owlak-guzy almak meýilleşdirilýär

Lebap welaýatynyň maldarlary Garagum, Gyzylgum we Köýtendag öri meýdanlarynda dowarlardan owlak-guzy almak möwsümine guramaçylykly girişdiler. Şu ýyl welaýat boýunça ene goýunlardan 40 müňden gowrak guzy almak meýilleşdirilip, häzirki wagtda mallaryň gyşdan orta semizlikde çykandygy we guzularyň sagdyn dogulýandygy bellenilýär. Köýtendag etrabynyň «Köýtendag», Çärjew etrabynyň «Serdar» we Halaç etrabynyň «Garagum» maldarçylyk hojalyklary möwsümiň öňdebaryjylary hökmünde çykyş edýärler.
Döwletli etrabynyň «Tallymerjen» maldarçylyk hojalygynda maşgala bolup mal bakmak tejribesi giňden ulanylýar. Hususan-da, Tölekguýy obasyndan Hoşgeldi Nepiýewiň maşgalasy, şol sanda ogullary Mithun, Ahun we Agamyrat dagylar bu asylly kär bilen meşgullanyp, häzirki wagtda ýazlaga çykdylar. Ýagyş-ýagmyryň ýeterlik bolmagy netijesinde öri meýdanlarynda otuň bollygy üpjün edilip, maldarlar tarapyndan sargan maýa we gurt ýaly süýt önümlerini taýýarlamak işleri hem utgaşykly alnyp barylýar.