Şu ýyl Lebap welaýatynda pagta ýygymyna kuwwatly tehnikalaryň 300-den gowragy gatnaşdyrylar.
«John Deere» kysymly pagta ýygyjy kombaýnlaryň ýokary iş öndürijiligi nazara alnyp, olaryň ählisine-de kömekçi mehanizatorlar berkidildi. Her günde 10 — 15 gektar meýdanyň pagtasyny ýygyp, 30 — 35 tonna «ak altyny» bunkerden agdarmagy başarýan tejribeli mehanizatorlaryň öndürijilikli işlemekleri üçin ähli şertler döredildi.
Möwsümiň ýokary hilli geçirilmegi tehnikalaryň bökdençsiz işine bagly. Biri-biri bilen berk sazlaşykda işleýän tehnikalaryň işinde näsazlyk dörese, şol ýerde sazlaşyk bozulýar we gymmatly wagt ýitirilýär. Şeýle ýagdaýlaryň döremezligi üçin, etraplardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalary Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş kärhanasynyň öndürýän ätiýaçlyk şaýlarynyň-da ýeterlik goruny döretdiler.