JEMGYÝET

Lebapda 3 müň 700-den gowrak jemagat hojalygy işgäri zähmet çekýär

Lebap welaýat häkimliginiň Jemagat hojalygy birleşigi sebitiň oba-şäherleriniň arassaçylygyny we abadançylygyny üpjün etmekde uly güýje eýedir. Häzirki wagtda bu birleşigiň we onuň düzümindäki etrap hem-de şäher häkimlikleriniň ýanyndaky müdirliklerde jemi 3 müň 700-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Bu arassaçylyk goragçylary ýylyň islendik paslynda, hatda gyşyň sowuk günlerinde-de ýollaryň, seýilgähleriň we ýanýodalaryň tämizligini saklap, täze bag nahallaryny oturtmak we olara ideg etmek işlerini yzygiderli durmuşa geçirýärler.
Bu agzybir köpçülik diňe bir arassaçylyk däl, eýsem sebitiň estetiki gözelligini döretmekde hem uly paýa eýedir. Işgärleriň zähmetini has-da ýeňilleşdirmek we olaryň iş ýerlerine bökdençsiz barmaklaryny üpjün etmek maksady bilen, maddy-tehniki binýat yzygiderli berkidilýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde ýakynda işgärleri gatnatmak üçin täze 26 orunlyk awtobuslaryň 10-synyň hem ulanylmaga berlendigini görkezmek bolar.