BILIM

Lebapda 23 müň 700-e golaý okuwçy orta mekdebi tamamlaýar

Tamamlanyp barýan okuw ýylynda Lebap welaýatynyň orta mekdepleriniň we mekdep-internatlarynyň 397-sinde okuwçylaryň 338 müňe golaýyna bilim we terbiýe berildi. Şu ýyl olaryň 23 müň 700-e golaýy orta mekdepleri tamamlap, özbaşdak durmuşa gadam basýar.
2025 — 2026-njy okuw ýylynyň ilkinji gününde Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Begaryk obasynda 400 orunlyk täze orta mekdep dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen bu bilim ojagynda okuwçylaryň täze okuw ýylyny täze mekdepde başlamagy üpjün edildi.
Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça kabul edilýän maksatnamalar okuw-terbiýeçilik işiniň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Maksatnamasy» hem bar.
Şu okuw ýylynda Lebap welaýatynyň 11 — 12-nji synp okuwçylary «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda baýrakly orunlaryň 68-sine mynasyp boldular. Bu netije boýunça welaýatyň wekilleri umumylykda üçünji orny eýelediler.
Welaýatyň mekdep okuwçylary ders bäsleşikleri bilen bir hatarda ylmy-taslama we döredijilik bäsleşiklerinde hem baýrakly orunlary eýelediler. Şeýle hem olar halkara maksatnamalarynyň çäginde geçirilýän ders we ylmy-taslama bäsleşiklerinde netijeli çykyş etdiler.
Lebaply okuwçylaryň döwlet we halkara derejesindäki bäsleşiklerde gazanýan üstünliklerinde Türkmenabat şäheriniň, Çärjew, Halaç we Dänew etraplarynyň wekilleriniň aýratyn paýy bar.