Lebapda 200 müňe golaý saýlawçy 29-njy martda geçiriljek saýlawlarda ses bermäge gatnaşar. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine hem-de halkara demokratik ýörelgelere laýyklykda geçiriljek bu saýlawlar ýerli dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmäge, halkyň isleg-arzuwlarynyň döwlet ähmiýetli çözgütlerde öz beýanyny tapmagyna gönükdirilendir. Welaýatymyzda Döwletli, Garabekewül we Farap etraplarynda halk maslahatlarynyň agzalarynyň, şeýle hem ygtyýarlyk möhletinden öň boşan orunlara Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçiriler.
Geçiriljek saýlawlaryň netijesinde Türkmenistanyň Mejlisiniň 2 deputaty, welaýat halk maslahatynyň 1 agzasy, şeýle hem Geňeşleriň 36 agzasy saýlanylar. Mundan başga-da täze döredilen Döwletli, Garabekewül we Farap etraplarynyň her birinden etrap halk maslahatynyň 20 agzasyny saýlamak meýilleşdirilýär. Saýlawlaryň ýokary derejede açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen welaýatymyzda taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Saýlaw gününde welaýat boýunça 181 saýlaw uçastogy işlär we olarda ildeşlerimiziň 200 müňe golaýynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle hem Merkezi saýlaw toparynyň guramagynda okuw maslahatlarynyň geçirilmegi saýlawlaryň ýokary guramaçylykly ýagdaýda geçmegine şert döredýär.
Lebapda 200 müňe golaý saýlawçy mart aýyndaky saýlawlarda ses berer
06
Feb

