YKDYSADYÝET

Lebapda 1,6 million kilowat sagat elektrik energiýasy öndürildi

Şu ýylyň tamamlanan dört aýynda Lebap welaýatynda elektrik energiýasynyň 1 milliard 650,6 million kilowat sagady öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösmeginde ýangyç-energetika pudagynyň kärhanalarynyň paýy uly bolmagynda galýar. Bu pudak ýurduň ähli babatda depginli ösmeginiň, sözüň doly manysynda, hereketlendiriji güýji bolup durýar. 

Geçen ýyllarda pudagyň kuwwatly önümçilik desgalary gurlup, ulanylmaga berildi. Şeýlelikde, döwrebap döwlet elektrik kärhanalarynda elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberleri barha artdyrylýar. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: