Lebap welaýatynyň senagat kärhanalarynda şu ýylyň geçen döwründe öndürilen senagat önümleriniň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 14 milliard 610,3 million manada barabar boldy.
Şonça önümiň 3,6 milliard manatlykdan gowragy döwlet böleginde öndürildi.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iri we orta kärhanalarda öndürilen senagat önümleriniň artyş depginleri himiýa, un üweýji-ýarma we dürüşdelenen iým, azyk senagaty kärhanalarynda emele geldi.
Üstümizdäki ýylyň ýanwar ― iýul aýlarynda welaýatyň senagat kärhanalarynda sarp edijilere ugradylan önümleriň möçberi (ýylyň başyna önümleriň galyndylaryny goşmak bilen) 3,6 milliard manatlykdan gowrak boldy.
Şol harytlaryň 62,1 göterimi ýurduň daşyna iberildi. Hasabat döwründe öndürilen sarp ediş harytlarynyň umumy möçberi 3,3 milliard manatdan gowrak boldy.