YKDYSADYÝET

Lebapda 1,4 milliard kilowat sagat elektrik energiýasy ulanyjylara ýetirildi

Şu ýylyň başyndan bäri Lebap welaýatynda elektrik energiýasynyň 1 milliard 458,7 million kilowat sagady öndürilip, geçen ýylyň deňeşdirilýän döwrüne görä 15,9 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Bu uly üstünlige «Lebap» we «Watan» döwlet elektrik stansiýalarynyň başarjaň hünärmenleri mynasyp goşant goşdular.

Şeýle ýokary görkezijiler senagat kärhanalaryny we ilatly ýerleri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmäge, şeýle-de onuň belli bir bölegini daşary ýurtlara ugratmaga mümkinçilik berýär.

Welaýatda öndürilýän elektrik energiýasyny sarp edýänleriň arasynda Özbegistan, Owganystan, Gyrgyzystan ýaly döwletler hem bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: