YKDYSADYÝET

Lebapda 13,2 müň tonna gowaça çigidi ekiler

Şu ýyl Lebap welaýaty boýunça 130 müň gektar meýdana gowaça ekmek bellenildi. Şonça meýdandan ýokary hasyl almak üçin gowaçanyň welaýatyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, kesellere durnukly, ýokary hasyl berýän sortlary ekiler.
Gowaça tohumlaryny taýýarlamaga welaýatdaky pagta arassalaýjy kärhanalaryň ähisi-de çekildi. Olar tarapyndan ekiş üçin zerur bolan tohumlyk çigidiň 13,2 müň tonnadan gowragyny taýýarlamak meýilleşdirilýär. Pagta arassalaýjy kärhanalarda geçen ýygymda tohumlyk üçin ýygnalan hasyly arassalamak we tohumlyk çigit taýýarlamak işlerine örän jogapkärli çemeleşilýär.
Welaýatda öňde durýan ekişde gowaçanyň öňki ýyllarda synagdan üstünlikli geçen sortlarynyň tohumlary ekiler. Has takygy, ýaz ekişinde 66562 gektara gowaçanyň «S-2006» sortuny, 41812 gektara «Ýolöten-39» sortuny, 19924 gektara «Ýolöten-7» sortuny, 754 gektara «Ýolöten-53» sortuny, 948 gektar meýdana bolsa «Garaşsyzlyk-30» sortuny ekmek meýilleşdirilýär.
Geljekde ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak üçin şu ýylyň ekişinde 16 müň gektar meýdana tohumlyk gowaça ekiler. Munuň üçin gowaça tohumlarynyň 1055,2 tonnasy taýýarlanylar. Ýeri gelende welaýatda tohumlyk gowaça ýetişdirmek bilen daýhan hojalyklarynyň 39-synyň meşgullanýandygyny bellemek ýerlikli bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: