Lebap welaýatynyň pagtaçylary bu ýyl gowaça ekinlerini ýokary derejede guramakda uly üstünlik gazandylar. Geçen ýazda 130 müň gektara ýurtda ýetişdirilen we ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanýan «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 39», «S-2006», «Ýolöten — 53» ýaly sortlaryň 13 müň tonnadan gowrak tohumy ekildi. Agrotehniki talaplara doly laýyklykda geçirilen ekiş pagtaçylaryň irki hasylyny üpjün etmäge mümkinçilik berdi.
Gowaçalaryň ösdürilip ýetişdirilmeginde döwrebap enjamlar hem giňden peýdalanyldy. Şolaryň hatarynda Fransiýada öndürilen, telematik ulgama eýe «Monosem» kysymly ekijilerden welaýat boýunça 64-si ekiş işlerinde işjeň ulanyldy. Netijede, her bir düýp gowaçanyň ösüş derejesi bu ýyl daýhanlaryň bol hasyla garaşýandygyny görkezýär.
Lebapda 130 müň gektar ýerde pagta ýygymyny geçirmäge taýýarlyk görülýär
05
Sep

