Lebaply maldarlar Garagumuň we Gyzylgumuň ýaýlalarynda bakýan dowarlarynyň 79 müň 206-syndan 72 müň 718 baş owlak-guzy almalydylar. Bu möhüm işiň göwnejaý guralmagy bilen netijeler has ýokary boldy. Meýilleşdirileninden daşary owlak-guzularyň 1194-si artyk alyndy.
Lebap welaýatynda Çärjew etrabynda «Serdar», Hojambaz etrabynda «Tallymerjen», Halaç etrabynda «Garagum», Saýat etrabynda «Jeýhun», Köýtendag etrabynda «Köýtendag» maldarçylyk hojalyklary bar.

