Lebapda 102 biokärhana hereket edýär
Ösümlikleri goramak gullugynyň Lebap welaýat bölüminiň başlygy Arslan Durdygylyjow welaýat neşiriniň habarçysyna beren interwýusynda sebitde biokärhanalary ýazky oba hojalyk işlerine taýýarlamak işleriniň ýörite meýilnama esasynda gyzgalaňly dowam edýändigini aýtdy. Olar zerur bolan serişdeler we enjamlar bilen üpjün edilýär. Hünärmenleriň öňünde kesgitli wezipeler goýuldy. Bu işler biokärhanalaryň işini täze derejelere çykarýar.
Häzirki wagtda welaýatyň çäginde biokärhanalaryň 102-si hereket edýär. Olar ösümlikleriň keselleriniň we zyýankeşleriň ýaýramagynyň öňüni almakda maksadalaýyk işleri alyp barýarlar.