Lebapda 100-de gowrak donor hasaba alyndy
Lebap welaýatyndaky Gan banklarynda 100-den gowrak donor hasapda durýar. Bu barada welaýat Gan bankynyň lukmany «Türkmen gündogary» gazetinde ýerleşdirilen makalasynda habar berdi.
Mälim bolşy ýaly, 14-nji iýunda Halkara donorlar güni bellenildi. Türkmenistanyň «Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda» Kanunyna laýyklykda 18 ýaşdan 60 ýaşa çenli bolan sagdyn adamlar öz islegi boýunça meýletin gan tabşyryp, donor bolup bilýärler.
Neşirde çap edilen makalada bir donoryň bir ýylda bäş gezege çenli gan tabşyryp bilýändigi ýazylýar.