YKDYSADYÝET

«Lebapawtoulagdan» galla oragyna 480 ulag gatnaşar

Şu ýyl Lebap welaýatynda galla oragyna ýük awtoulaglarynyň 2150-si gatnaşar. Olaryň 480-den gowragy «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigine degişli ýük ulaglarydyr. Şolaryň hem 80-e golaýy birleşige soňky ýyllarda getirilen «KamAZ» kysymly ýük ulaglary bolar.
Möhüm oba hojalyk möwsüminiň öňüsyrasynda önümçilik birleşigine degişli ýük ulaglary doly gözden geçirildi we olar berkidilen etraplaryna ýollanyldy. Möwsüm döwründe ulaglara tejribeli sürüjiler erk eder.
Ýeri gelende aýtsak, galla oragynda iri jemgyýetçilik guramalary bilen birlikde «Iň ökde sürüji» we «Iň köp galla hasylyny daşan sürüji» atly zähmet bäsleşikleri hem yglan edildi. Möwsüm tamamlanansoň, bu bäsleşikleriň ýeňijileri yglan edilip, niýetlenilen baýraklar gowşurylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply