«Lebapawtoulag» önümçilik birleşigine «KamAZ» awtoulaglarynyň täze tapgyry gelip gowuşdy

«Lebapawtoulag» önümçilik birleşigine «KamAZ» awtoulaglarynyň täze tapgyry gelip gowuşdy. Netijede birleşigiň ulag gorunda 11 maşyn köpeldi. Ozal habar berşimiz ýaly, üstümizdäki ýylyň awgustynda kärhana şeýle maşynlaryň 9-sy gelipdi.

Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) Kama awtomobil zawody Türkmenistanyň öňden gelýän ynamdar hyzmatdaşydyr. «KamAZ» ulaglaryndan ýurduň dürli pudaklarynda giňden peýdalanýarlar. Olar Türkmenistanyň howa şertlerinde özlerini gowy görkezdiler. Ýüküni özi düşürýän täze maşynlarda 400 at güýçli kuwwatly hereketlendirijiler oturdylan. Olar öňkülere garanda, has güýçli. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, muňa garamazdan, ulaglaryň hereketlendirijisi öňkülerden ekologiki taýdan arassadyr. Sesi peseldýän ýörite ulgam bolsa sürüjiniň işlemegi üçin has amatly şertleri döredýär.

Häzirki wagtda «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginde «KamAZ» kysymly maşynlaryň onlarçasy işledilýär.