YKDYSADYÝET

«Lebapawtoulag» 31 million tonna ýük daşady

«Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň sürüjileri geçen ýylda hyzmatlaryň ähli görnüşi boýunça belent sepgitlere ýetildi. Kärhananyň sürüjileri ýanwar — dekabr aýlarynda ýükleriň 31 million tonnadan gowragyny buýurmalar esasynda kesgitlenilen ýerlere daşadylar. 

Ýük daşamak boýunça ýylyň meýilnamasy artygy bilen ýerine ýetirildi. Ýolagçylara hyzmat etmegiň meýilnamasy hem berjaý edildi. Geçen ýylda 21 million 232 müňden gowrak ýolagça hyzmat edildi. 

Hyzmatyň şu görnüşi üstümizdäki ýylyň ilkinji günlerinden ýene-de göreldeli guralýar.