Lebap ýüpegi eksport bazaryndaky ornuny giňeldýär
Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginde işler ýokary depginde alnyp barylýar. Bu ýerde üstümizdäki ýylyň geçen ýedi aýynda 70 million 97 müň 304 manatlyk önüm öndürildi.
Has takygy, şu döwürde çig ýüpegiň 70 tonna golaýy, nah we ýüpek matalaryň 22 müň 145 inedördül metri öndürildi. Şeýle-de ýüpek halylaryň 21 inedördül metri dokaldy. Ýylyň başyndan bäri kärhana boýunça çig ýüpegiň 10 tonnasy eksport edildi.