Şu hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde gar gatyşykly ýagyş ýagar. Bu Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar.
«Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen maglumatda şeýle
diýilýär:
Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0… -5 gradus sowukdan 0… +5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +3… +8 gradusdan +8… +13 gradus aralygynda maýyl bolar.
Lebap ýene bir ýagynly hepdäni garşylady

30
Dec