«Lebap» ýarymfinala çykdy
Lebap welaýatynyň topary 2008 ― 2009-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasyndaky Türkmenistanyň birinjiliginde adyny ýarymfinala ýazdyrmagy başardy. Düýn lebaply futbolçylar ýaryşyň ikinji tapgyrynda paýtagtyň «Kuwwatly beden» toparyny 4:1 hasabynda ýeňdiler. Birinji duşuşykda bolsa olaryň Daşoguz welaýatyndan gelen futbolçylary 4:0 hasabynda ýeňendiklerini ýatladýarys. Şeýlelikde, «A» toparça wekilçilik edýän «Lebap» topary iki duşuşykda 6 utuk toplap, ýarymfinala çykmaga hukuk gazandy. Topar şu gün esasy bäsdeşi bolan «Altyn täç» bilen güýç synanyşar. Bu duşuşygyň ýeňijisi toparçada birinji ornuň eýesi bolar.
Eger «Lebap» topary «A» toparçada birnji orny eýeläp bilse, 28-nji iýunda geçiriljek ýarymfinal duşuşygynda «B» toparçada ikinji orny eýelän topar bilen duşuşar. Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» stadionynda geçirilýän ýaryş 29-njy iýunda tamamlanar.