YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy bäsleşigiň ýeňijisi boldy

 Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Gülaýym Gurdowa «Ýylyň zenany — 2023» bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň ýeňijisi boldy. Ol «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin» diýen ugur boýunça ýeňiji diýlip yglan edildi.

Bäsleşik Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edildi. Ol Aşgabat şäherindäki «Gül zemin» söwda-dynç  alyş merkeziniň «Altyn toý mekanynda» geçirildi.

Ýeňijiler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin», «Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýändigi we kämilleşdirýändigi üçin», «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin», «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýjylar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin», «Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» we «Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» diýen ugurlar boýunça yglan edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: