YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary «Internet banking» hyzmatyndan peýdalanmak boýunça Türkmenistanda birinji orunda barýarlar

Türkmenistanda «Internet banking» hyzmatyndan iň köp peýdalanýanlar banklaryň Lebap welaýatyndaky müşderileridir. Merkezi bankyň resmi saýtynda ýerleşdirilen maglumata görä, şu ýylyň 1-nji sentýabryna çenli bu hyzmatdan peýdalanýanlaryň ýurt boýunça jemi sany 888 müň 501 adama ýetdi. Şunça sanyň iň uly bölegi ― 203 müň 60 müşderi Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarydyr.

Bu hyzmaty Türkmenistanyň ähli banklarynyň hödürleýändigini ýatladýarys. Şuňa laýyklykda, ýurduň banklarynyň «Internet banking» hyzmaty boýunça Lebap welaýatyndaky müşderileriniň sany aşakdaky ýalydyr:

― «Daýhanbank» DTB: 75 332;

― «Türkmen-Türk» PTB: 0;

― «Türkmenbaşy» PTB: 39 725;

― «Türkmenistan» DTB: 57 095;

― «Rysgal» PTB: 347;

― «Halkbank» PTB: 25 660;

― «Senagat» PTB: 4 901 müşderi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: