JEMGYÝET

Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdylar

Şu gün Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdylar. Bu çäre Türkmenabat şäherinde Halkara awtomenziliň ýakynyndaky meýdanda bolup geçdi. Bu ýerde il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, köp çagaly maşgalalar, ýaş çatynjalar, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň we Türkmenabat şäherindäki ýörite hünär okuw mekdepleriniň talyplary, edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Bu ýerde iki müňden gowrak adam ýygnandy.

Ir ertirden bu ýerde sungat ussatlary aýdymlary ýerine ýetirdiler. Ak öýleriň gyrasynda goýlan topçanlaryň üstünde bagşylar aýdym aýtdylar. Olardan uzak bolmadyk ýerde dutar ussasy we onuň şägirdi bu saz guralynyň ýasalyşyny görkezdi. Göçme sergide bolsa amaly haşam sungatynyň eserleri goýuldy, haly we haly önümleri, ýüpek önümleri görkezildi. Şonuň ýaly-da, bagbançylykda ulanylýan zähmet gurallary hem goýuldy.

Watançylyk aýdymlaryndan ruhlanan adamlar il sylagly ýaşulularyň ak pata bermegi bilen agaçlary oturtmaga girişdiler. Bu ýere gelenleriň hemmesi ählihalk bag ekişligine öz goşantlaryny goşdular. Netijede göwün göteriji aýdymlary diňläp, gysga wagtda dört müň agaç nahallaryny oturtdylar.

Ählihalk bag ekmek dabarasy welaýatyň ähli ýerelerinde hem geçirildi. Ýazky möwsümde dürli agaçlaryň, şol sanda miweli daragtlaryň we üzümiň iki ýüz on müňüsini oturtmak göz öňünde tutulýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: