JEMGYÝET

Lebap welaýatynyň ýaşaýjylara ählihalk bag ekmek çäresine gatnaşdylar

Şu gün bütin Türkmenistanda bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem bag ekmek boýunça ählihalk çäresi geçirildi.

Welaýatyň ähli şäherlerinde we etraplarynda ertir irden kärhanalaryň, edaralaryň, daýhan birleşikleriniň, okuw jaýlarynyň, hususy sektoryň wekilleri çärä agzybirlikde çykdylar we miweli, saýaly agaçlary we üzüm oturtmaga gatnaşdylar.

Welaýata bu çäräni geçirmäge öňünden taýýarlandylar. Bar bolan baglara, seýilgäh zolaklarynda we ýollaryň gyralarynda ösýän agaçlara ideg etdiler, olaryň guran şahalaryny aýyrdylar, düýbüni depdiler, täze agaç nahallarynyň oturdyljak ýerlerini taýýarladylar. Welaýatyň tokaý hojalygynda şu ýyl ekmek üçin miweli, saýaly agaçlaryň we üzümiň ýeterlik mukdary taýýarlanyldy.

Seýdi şäheriniň ýakyndaky meýdanlaryň birinde welaýatda agaç ekmek çäresine badalga berildi. Agaç nahallaryny oturtmak üçin bölünip berlen meýdanda ýaşulular, kärhanalaryň, edaralaryň, ýaş nesliň wekilleri ýygnandylar. Çäre mynasybetli bu ýerde baýramçylyk konserti hem boldy. Agaç nahallary oturdylýan wagty aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: