SPORT WE SYÝAHAT

Lebap welaýatynyň wekilleri oglanlaryň we gyzlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşýarlar

Lebap welaýatynyň wekilleri 18 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasynda şu gün başlanan küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşýarlar.

Turnire Aşgabat şäherinden we Türkmenistanyň welaýatlaryndan 14, 16 we 16 ýaşa çenli  300-den gowrak küştçi gatnaşýar. Lebap welaýatynyň toparynyň agzalary bu duşuşyklara gatnaşýanlaryň mynasyp garşydaşlary bolarlar. Olaryň hatarynda ýakynda zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň çempiony bolan Lala Şöhradowa hem bar. Ol Dänew etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň 10-njy synpynda okaýar.

Çempionaty Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de ýurduň Küşt federasiýasy bilelikde guraýarlar.

Oýunlar 24-nji fewrala çenli dowam eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: