TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýatynyň wekilçilikli topary Özbegistan Respublikasynyň Buhara welaýatynda boldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, welaýat häkiminiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Özbegistan Respublikasynyň Buhara welaýatynda bir günlük iş saparynda boldy. Toparyň düzümine welaýat, etrap häkimleriň, hususyýetçileriň, oba hojalykçylaryň, alyjylar jemgyýetleriniň we medeniýet işgärleriniň wekilleri girdi.

Wekilçilikli topar Garaköl etrabynda täzelikde açylyp, ulanylmaga berlen medeniýet merkezinde welaýatyň işewürlik pudagynyň wekilleriniň guran sergisini gördüler. Serginiň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklary mundan beýläk hem ösdürmek bilen bagly gepleşikler geçirildi. Medeniýet merkeziniň sahnasynda bolsa ýerli teatryň wekilleri çykyş etdiler.

Soňra dabaralar şu etrapdaky Halkara matematika mekdebinde dowam etdi. Mugallymlaryň gürrüň berşi ýaly, mekdebiň okuwçylary 6-njy synpdan soň synag arkaly kabul edilýän eken.

Lebabyň wekiliýeti Garaköl etrabynyň Saýat obasynyň ýakynyndaky gowaçaly meýdana hem baryp gördüler. Bu ýerde myhmanlara gowaçanyň damjalaýyn usulda suwarylyşy barada gürrüň berildi. Taraplar damjalaýyn suwarmak boýunça tejribeleri geljekde hem paýlaşmagyň ähmiýetli boljakdygyny nygtadylar.

Türkmen wekiliýeti Buhara şäherindäki kuwwatly dokma kärhanasynyň işi bilen hem tanyşdy.

Günüň ikinji ýarymynda wekiliýetiň agzalary Bahaweddin Nagyşbendiniň ýadygärligine zyýarat etdiler. Buhara döwlet hyzmatlary gullugynyň işini guralyşy bilen tanyşdylar. Bu gullukda döwlet hyzmatlary merkezleşdirilipdir. Raýat bir binadan çykmak birnäçe hyzmatdan sanly görnüşde peýdalanyp bilýär.

Şäherdäki seýilgähde guralan welaýatyň senagat önümleriniň sergi-ýarmarkasy hem diýseň täsirli boldy. Bu ýerde türkmen wekiliýetine kuwwatly tehnikalar hem görkezildi. Sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň wekilleri aýratyn gyzyklanma döretdi. Olar ikitaraplaýyn gepleşikleriň birnäçesini geçirdiler.

Lebap welaýatynyň wekilleri Buharanyň muzeýlerine hem baryp gördüler.

«Warnet» paýdarlar jemgyýetinde degişli ýyladyşhanalar toplumy bilen tanyşlyk bilen sapar tamamlandy.

Ýakynda Buhara welaýatynyň wekiliýetiniň hem biziň welaýatymyza iş sapary bilen gelmegine garaşylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: