Lebap welaýatynyň ýygyndy topary «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» şygary astynda welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň arasynda sportuň 9 görnüşi boýunça geçirilen ýaryşlarda tapawutlanan toparlaryň hatarynda boldy. Ýakynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň köpugurly sport toplumynda geçirilen dabarada ýaryşlaryň ýeňijilerine jemgyýetçilik guramalarynyň sowgatlary, medallar, kuboklar hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Hormat hatlary gowşuryldy.
Bu sport ýaryşlary orta mekdep okuwçylaryny, talyplary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerini, şeýle hem welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ýygyndy toparlaryny bir ýere jemledi. Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda geçirilen bäsleşiklerde Aşgabat şäheriniň, Lebap hem-de Ahal welaýatlarynyň toparlarynyň tapawutlanmagy ýurdumyzyň sebitlerinde sport-bedenterbiýe hereketiniň giň gerimde ösdürilýändigini görkezdi.
Lebap welaýatynyň topary spartakiadada ýeňiji boldy
06
May

