YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň tokaý hojalygynda ýüz müňlerçe düýp nahal ýetişdirdiler

Lebap welaýatynyň tokaý hojalygynda ýaşky bag ekişlige taýýarlykly geldiler. Onuň hünärmenleri pürli agaçlaryň bir ýüz segsen bäş müň, ýaprakly agaçlaryň bir ýüz ýetmiş bäş müň, miweli agaçlaryň bir ýüz on bäş müň düýbüni ýetişdirdiler. Ýüz müň düýp üzüm hem oturdylmaga taýýar edildi. Çöl ösümlikleriniň üç ýüz elli müň düýbi Garagumyň çäginde ekilmegine garaşýar. Hojalykda öý ösümliklerini gowy görýänleri hem ýatdan çykarmadylar. Olar üçin on bäş müň bäş ýüz düýp bezeg ösümliklerini ýetişdirdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: