YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň telekeçileri maldarçylyk önümleriň öndürilişini artdyrýarlar

Lebap welaýatynyň telekeçileri geçen on aýyň dowamynda 152 tonna ýakyn et (diri agramda) öndürdiler. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 101 göterim ösüş depgininiň gazanylandygyny aňladýar.

Üstümizdäki ýylyň on aýynda olar 1491 tonna ýakyn süýt sagyp aldylar. Bu san geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ilatyň arasynda geçginli önümiň 5% göterim köp öndürilendigini aňladýar.

Telekeçileriň mallaryň baş sanyny köpeltmek ugrunda alyp barýan maksada laýyk işleriniň netijesinde et we süýt öndümleriniň aglaba böleginiň olaryň paýyna düşýändigini hem bellemek gerek. Geçen aýyň başynyň ýagdaýyna görä, welaýatyň ähli hojalyklarynda gara mallaryň baş sany 538 müňe, dowarlaryň baş sany 2559,3 müňe barabar boldy. Olaryň diňe 1091 başy, dowarlaryň 185 536 başy, welaýat oba hojalyk önümçilik birleşigine, galanlary bolsa hususyýetçilere degişlidir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: