YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň telekeçileri mal etiniň öndürilişini artdyrýarlar

Lebap welaýatynyň telekeçileri bäş aýda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, etiň öndürilişini iki göterim gowrak artdyrdylar. Netijede olar söwda nokatlaryna 68 tonna 340 kilogram et iberdiler. Bu olaryň geçen ýylky görkezijisinden 1 tonna 440 kilogram köpdür.

Muňa aýry-aýry telekeçileriň goşandy has köpdür. Mysal üçin, halaçly telekeçi Alişer Sultanow ýylyň başyndan bäri 8 tonna 100 kilogram, türkmenabatly Sergeý Kulýapin 6 tonna 900 kilogram et öndürdi. Faraply telekeçi Alymbaý Kerimowyň tabşyran önümi bolsa 5 tonna 600 kilograma barabar boldy. Çärjew etrabynda mal semredýän Täji Tajiýew bolsa şu wagta çenli 4 tonna 500 kilogram eti söwda nokatlaryna iberdi. Işini Dänew etrabynda alyp barýan «Bereketli jaý» hususy kärhanasy bolsa 7 tonna et tabşyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: