YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň telekeçileri konditer önümleriniň öndürilişini artdyrdylar

Lebap welaýatynyň telekeçileri geçen ýyl konditer önümleriniň 491 tonnadan gowragyny öndürdiler. Bu ondan ozalky ýyldakysyndan 67 tonna ýakyn kändir.

«Paýtun», «Nabat», «Şerbet», «Ata miras» hususy kärhanalarynda bu önümleri köp mukdarda taýýarladylar. «Daýançly zaman» hususy kärhanasynyň paýyna bolsa öndürilen öndürilen önümleri 36 göterimden gowragy düşýär. Bu ýerde konditer önümleriniň dürli görnüşleriniň 135,75 tonnasy çykaryldy. Hususy kärhananyň önümhanasynda konditer önümleriniň 9 görnüşi öndürilýär.

Welaýatda konditer önümlerini öndürmek bilen 17 telekeçi meşgullanýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: