TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýatynyň telekeçileri haryt bolçulygyny döredýärler

Lebap welaýatynyň telekeçileri içerki bazarda azyk bolçulygy döretmek ugrunda maksada laýyk işleri alyp barýarlar. Olar geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirende, 36 million 200,11 müň manatlyk köp önüm öndürdiler.
Olar üstümizdäki ýylyň dokuz aýynda 1535,82 müň manatlyk et (diri agramda), 4749,75 manatlyk towuk eti, 1956,60 müň manatlyk ýumurtga, 3798,94 müň manatlyk süýt, 3327,92 müň manatlyk süýt önümleri we beýleki önümleri öndürdiler. Bu telekeçiler tarapyndan öndürilýän oba hojalyk we azyklyk harytlaryň mukdarynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirende, ep esli köpdür. Umuman alanymyzda, geçen dokuz aýyň dowamynda welaýatyň hususyýetçileri tarapyndan 90 million 776,63 müň manatlyk oba hojalyk we azyklyk önümleri öndürildi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 36 million 200,11 müň manatlyk köpdür.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply