YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň telekeçileri gurluşykçylary gerekli material bilen üpjün edýärler

Lebap welaýatynda kerpiç önümçiligi bilen meşgullanýan telekeçiler gurluşyk edaralaryny we ilaty ýokary hilli gurluşyk materiallary bilen üpjün edýärler.

Halaç etrabyny Güýçbirleşik geňeşliginiň çäginde hereket edýän «Dury çeşme» hususy kärhanasy hem şolaryň biri. Bu ýerde ýylyň başyndan bäri 470 müň sany kerpiç öndürildi we ulanyjylara ugradyldy. Dänew etrabynyň Ödeý geňeşliginde işini alyp barýan «Sogap iş» hususy kärhanasynyň zawodynda bolsa 1 million 163 müňden geçdi. «Nesil geljegi» hususy kärhanasynyň Farap etrabynyň Bitik geňeşligindäki kärhanasynda bu önümiň 630 müňi, «Şadessan» hususy kärhanasynyň Çärjew etrabynyň B.Myradow geňeşligindäki kärhanasynda 660 müňi gurluşyk meýdançalaryna iberildi. «Joşgunly iş» hususy kärhanasynyň hünärmenleri 2 million 329 müňden gowrak kerpiç öndürdiler. «Dostluk sährasy» hususy kärhanasynda bolsa bu görkeziji 1 million 62 müňe barabar boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: