YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň telekeçileri gurluşyk materiallarynyň öndürilişini artdyrýarlar

Lebap welaýatynyň telekeçileri gurluşyk materiallaryny çykarmakda netijeli işleri alyp barýarlar. Aýry-aýry hususy kärhanalarda önümçiligiň depgini has hem ýokarlandy. Mysal üçin, «Kemal kesp» hususy kärhanasynda ýylyň başyndan bäri 5 müň kub metre ýakyn demir beton önümleri öndürildi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3 esse gowrak köp öndürilendigini aňladýar. Demir-beton sütünleriniň öndürlişi bolsa geçen ýylkydan 3,4 esse artdyryldy we sarp edijileriň onuň 4,1 müň kub metre ýakyny iberildi.

«Jemşidiň jamy» hususy kärhanasynda bolsa geçen ýylyň ýedi aýyndaka garanda, 2,6 esse gowrak köp önümler çykaryldy we gurluşyk meýdançalaryna 7 müň 524 kub metr demir beton sütünleri iberildi. «Asyl ýurt» hususy kärhanasynda hem demir beton önümleriniň 3 müň 100 kub metri, harytlyk betonyň 1 müň 248 kub metri öndürildi. «Takyk baha» hususy kärhanasynda bolsa 4 müň 955 kub metre ýakyn beton önümleri çykaryldy. Bularyň ählisi hem geçen ýylyň degişli döwründäkisinden ep-esli köpdür.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: