YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň telekeçileri gök we miwe önümleriň öndürilişini artdyrýarlar

Ýylyň başyndan bäri Lebap welaýatynyň telekeçileriniň ýyladyşhanalarda ýetişdiren azyk önümleriniň möçberi 5133 tonnadan geçdi we geçen ýylyň on aýynda garanyňda, ösüş depgini 101 göterime barabar boldy.

Gök we bakja önümlerini öndürmekde bolsa bu görkezijiniň 173 göterime barabar bolandygy hem bellärliklidir. Başgaça aýdanymyzda, hususy kärhanalara, hojalyk jemgyýetlerine we daýhan hojalyklaryna degişli meýdanlara gök we bakja önümlerini 4423 tonnasy ýetişdirildi we ýygnaldy. Geçen ýylyň on aýynda bu görkeziji 2565 tonna barabardy.

Erigiň, şetdalynyň, almanyň, üljäniň, garalynyň, armydyň öndürilişi 13 esseden hem artdy. Ýagny, 2021-nji ýylyň ýanwar—oktýabr aýlarynda bary-ýogy 5 tonna miwe ýygylan bolsa, şu ýylyň geçen döwründe onuň mukdary 66 tonnadan geçdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: