YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň telekeçileri azyk bolçulygyny döretmäge saldamly goşant goşýarlar

Lebap welaýatynda 200-den gowrak telekeçi azyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýar. Olaryň döreden hususy kärhanalarynda 870-e ýakyn adam zähmet çekýär.

Telekeçileri maldarçylyk, guşçulyk bilen meşgullanmak bilen bir hatarda, olardan alnan we beýleki önümleri gaýtadan işleýärler, dürli içgileri, konditer önümlerini we beýleki azyk önümlerini öndürýärler. Mysal üçin, geçen ýyl olar 243,5 tonnadan geçirip et öndürdiler. Ilata hödürlenen şöhladyň we şöhlat önümleriniň möçberi bolsa 221,5 tonnadan geçdi. Lebaply telekeçiler 1738,5 tonnadan geçirip süýt sagyp aldylar. Ony gaýtadan işlemegiň netijesinde alnan süýt önümleriniň möçberi bolsa 156 tonna ýakynlady.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: