YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň telekeçileri azyk bolçulygyny döretmäge goşant goşýarlar

Lebap welaýatynyň telekeçileri azyk bolçulygyny döretmäge saldamly goşant goşýarlar. Şu ýylyň başyndan bäri hususy kärhanalar, daýhan hojalyklary, hususy telekeçiler et we et önümleriniň, towuk etiniň,ýumurtganyň, süýt we süýt önümleriniň uly möçberini öndürdiler.

Has takygy, geçen on bir aýyň dowamynda diri agramda 181 tonna töweregi et öndürildi.  Şöhlat önümleriniň mukdary bolsa bolsa 253 tonna ýakynlady. Şonuň ýaly-da, 1703 tonnadan geçirilip süýt, 243 tonna gowrak süýt önümleri söwda nokatlaryna ugradyldy. Öndürilen konditer önümleriniň mukdary 325 tonnadan geçdi. Towuk etiniň 174 tonnadan, ýumurtganyň 7 million 591 müňden gowragy öndürildi. 

Lebaply telekeçiler önümleriniň bir bölegini beýleki welaýatlara hem iberýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: