YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň telekeçileri 208 tonnadan geçirip süýt önümlerini öndürdiler

Lebap welaýatynyň telekeçileri üstümizdäki ýylyň dokuz aýynda 208 tonnadan geçirip süýt önümlerini öndürdiler. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkisinden sekiz tonna gowrak köpdür.

Süýdi gaýtadan işlemek bilen welaýatda dokuz telekeçi meşgullanýar. Olar dorog, peýnir, gatyk, aýran, gaýmak, doňdurma ýaly alyjylaryň arasynda uly islegden peýdalanýan önümleriň dürli görnüşlerini öndürýärler we söwda nokatlaryna ugradýarlar. Olar ekologiki taýdan arassalygy we ýokary hilliligi bilen tapawutlanýarlar.

Lebapy telekeçileriň önümleri welaýatyň çäklerinden daşarlarda hem uly islegden peýdalanýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: