MEDENIÝET

Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Ýeňiş gününe bagyşlanan sergi işläp başlady  

 Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem Beýik Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli «Watan mertleri baky ýaşar» atly wagtlaýyn sergi açyldy.

Sergi açylmazyndan öň 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 77 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Oňa welaýat polisiýa müdirliginiň, welaýat adalat bölüminiň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň welaýat boýunça müdirliginiň, welaýat kazyýetiniň işgärleri, talyplar we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Sergide muzeýiň gaznasyndan saklanylýan esgerleriň gahrymançylyklaryny suratlandyrýan eksponatlar goýlupdyr. Esgerleriň hatlary, uruş döwründe çap edilen gazetleriň, urşuň bolan ýerlerini görkezýän kartalar şol döwür barada düşünje berýär. Şeýle-de, gazaply uruş döwründäki esgerleriň geýen eşikleri, ýag çyralary, ütükler, meýdan telefonlary, fotoappatlar, ýantorbalar sergide orun tutýar. Bulardan başga-da, fronta kömek iberilen şaý-sepleriň we ýyly egin-eşikleriň, haly önümleriniň fotosuratlary, tikin maşyny, el işleri, patefon, ordenler, medallar görkezilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: