Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde wagtlaýyn sergi açyldy

Mar 3, 2021

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Halkara zenanlar gününe bagyşlanan wagtlaýyn sergi açyldy.
Onda gelin-gyzlaryň el işleri, olary taýýarlamakda ulanylýan enjamlar, gadymy şaý-sepler hem-de zenanlaryň durmuşy bilen baglanyşykly beýleki eksponatlar goýlupdyr. Nakgaşlar Alym Işankulýewiň, Hemra Allaşükürowyň, Şerip Hemraýewiň we Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň surat mugallymy Şemşat Saparowanyň suratlary hem görkezilýär.
Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär mekdebiniň mugallymlary we talyplary serginiň ilkinji tomaşaçylary boldular.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: