JEMGYÝET

Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan sergi açyldy

Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde açylan «Sagdyn durmuş ýörelgesi» atly wagtlaýyn sergi Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyldy.

Onda ynsan saglygy bilen baglanyşykly eksponatlar ýerleşdirilipdir. Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümlikleriň käbirleri barada maglumat berýän diwarlyklar, otlaryň görnüşleriniň nusgalary hem sergä gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. Lebaply türgenleriň dürli ýaryşlarda gazanan kuboklary, medallary, sport enjamlary bolsa aýratyn orny eýeleýär.

Lebap welaýatynyň diş bejeriş merkeziniň Türkmenabat şäherindäki şahamçasynyň lukmanlary, Türkmenabat şäheriniň 4-nji, 6-njy, 9-njy, 10-njy, 12-nji sport mekdepleriniň türgenleri, Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplary serginiň ilkini tomaşaçylary boldular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: