Работники искусств Лебапского велаята готовятся к Международному дню Нейтралитета
- UNCATEGORIZED

Lebap welaýatynyň sungat işgärleri Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk görýärler

Lebap welaýatynyň sungat işgärleri Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk görýärler.

Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik topary «Bitarap ýurt, eziz Diýar, parahatlyk mekany» atly edebi-sazly kompozisiýany görkezmäge taýýarlanýar. Şonuň ýaly-da, teatryň artistleri ýakyn günlerde Maksat Hudaýgulyýewiň «Sowgat» pýesasyny tomaşaçylara görkezerler. Ony režissýor Gaýyp Jumaýew sahnalaşdyrdy.

Meşhur aýdymçylar Durmuş Rejebow «Bitarap Türkmenistan», Dosmämmet Söýünow «Dost-doganlyk mekany», ýaş aýdymçy Perman Babagulyýew «Bitarap sen, bagtyýar sen, Diýarym» diýen aýdymlary baýramçylyk güni halk köpçüliginiň öňünde ilkinji gezek ýerine ýetirerler. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň  «Altyn nesil» medeniýet merkeziniň «Bagtyýarlyk mukamy» aýdym-saz topary «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym» aýdymy bilen tomaşaçylaryň öňünde çykyş ederler. Lebabyň ýörite sungat mekdebiniň «Owaz» akapella, «Miras» aýdym-saz toparlary hem baýramçylyk gününde çykyş etmäge taýýarlyk görýärler.

Welaýat medeniýet müdirliginiň «Lebap», Halaç etrap medeniýet bölüminiň «Lebap gülleri», Türkmenabat şäheriniň medeniýet bölüminiň «Lälezar» tans toparlary hem tomaşaçylara özleriniň joşgunly tanslaryny sowgat ederler. Folklor toparlarynyň çykyşlary hem baýramçylyk çärelerine özboluşly öwüşgin çaýar.

Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni 12-nji dekabrda bellenilýär. Üstümizdäki ýylda BMG-niň Baş  Assambleýasy tarapyndan Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk derejesiniň berlenine 24 ýyl dolýar.