JEMGYÝET

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň sahnasynda — ilkinji görkeziliş  

 Şu gün Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda «Elwan ýaglykly serwim» atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi bolar.

Ol gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň ady bir powestiniň esasynda ýazyldy. Spektakly režissýor Alijan Hemraýew sahnalaşdyrdy. Gaýyp Jumaýew onuň maslahatçy režissýory boldy. Tomaşaçylar sahnada Türkmenistanyň halk artistleri Babageldi Rejebowyň we Akjagül Suhanowanyň oýunlaryna tomaşa edip bilerler. Baş keşpleri teatryň zehinli artistleri Döwlet Haýtgulyýew hemde Umida Hemraýewa dagy janlandyrýarlar.

Bu Çingiz Aýtmatowyň eserlerine goýulýan ilkinji spektakl däldir. Ozal režissýor Perhat Hudaýberenow ýazyjynyň «Ene toprak» eseriniň esasynda spektakl goýupdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: